Hindistanyň Mumbai şäherinde ilkinji sazly ýol peýda boldy. Onda ulag herekete başlan dessine saz ýaňlanyp ugraýar. Ýoluň 500 metr bölegi guýujyklar görnüşde kesimlenendir, olardan ulagly geçilýärkä, «Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Külbeden çykan millioner» filmindäki «Jai Ho» sazy ýaňlanýar.
Ýolda 70-80 km/s tizlikde hereket wagty saz aýdyň eşidilýär, emma ýokary tizlikde onuň sesi bozulýar, oýlap tapyjylaryň pikiriçe, şeýle ýagdaý sürüjileri ulagyň badyny gowşatmaga mejbur etmeli.
Resmi adamlaryň taslama «innowasiýalaryň, göwnaçyşlygyň we ýol hereketiniň howpsyzlygynyň sazlaşmagy» hökmünde baha berendigine garamazdan, ýoluň ýakasyndaky ýaşaýjylar sazly ýoluň asudalygy bozýandygyny aýdýarlar. Sebäbi ýoldan geçýän ulaglaryň güňleç sesi olary öňem birahat edýärdi, indi saz ýaňlanyp başlanany bäri ýagdaý has-da ýaramazlaşypdyr. Netijede, 650-dan gowrak maşgala ýerli häkimiýetlere hemişe gaýtalanyp duran aýdym-sazyň ýürege düşgünçdiginden arz edýärler. Ol aýratyn-da mekdepde synaglara taýynlyk görýän çagalaryň hem-de garrylaryň rahatlygyny bozýar. Galyberse-de, sazly päsgelçilikleriň özi-de tizlikli ýolda ulaglaryň hereketi üçin howpsuz däl.
PDF









