11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.