8-nji aprelde iňlis diline terjime edilen we Angliýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen iň oňat çeper eser üçin berilýän “Booker” halkara baýragyna dalaşgärleriniň gysga sanawy mälim edildi. Maglumat baýragyň web sahypasynda peýda boldy.
Gysga sanawa Daniýa, Angliýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Italiýa, Hindistan we Şotlandiýa ýaly 7 ýurtdan ýazyjylar we terjimeçiler girdi. Baýragyň taryhynda ilkinji gezek sanawa girizilen alty kitabyň hemmesi garaşsyz neşirýatlar tarapyndan neşir edildi.
“Berliniň kaşaň jaýlaryndan La-Manş arkaly täsin syýahata; Hindistanyň günortasyndaky patriarhal jemgyýetlerden biziň hyýalymyzyň çäklerinden daşardaky futuristik dünýä çenli; gysga sanawa girizilen alty kitapda adam duýgularynyň köpdürlüligi mikroskop astynda seljerilýär” diýlip, baýragyň web sahypasynda aýdylýar.
2025-nji ýylyň Halkara “Booker” baýragynyň gysga sanawy:
On the Calculation of Volume I by Solvej Balle (Solwaý Balle, “Birinji jildi hasaplamak barada”). Daniýa.
Small Boat by Vincent Delecroix (Wensan Delakrua, “Kiçijik gaýyk”). Fransiýa.
Under the Eye of the Big Bird by Hiromi Kawakami (Hiromi Kawakami, «Uly guşuň nazary astynda). Ýaponiýa.
Perfection by Vincenzo Latronico (Winçenso Latroniko, «Kämillik») Italiýa.
Heart Lamp by Banu Mushtaq (Banu Muştak, «Ýürek-çyra»). Hindistan.
A Leopard-Skin Hat by Anne Serre (Ann Serrр, «Giçigaplaň derisinden şlýapa). Fransiýa.
Solwaý Balle “Birinji jildi hasaplamak barada” romany wagtyň ýapyk döwrüni öwrenýär, Wensan Delakruanyň “Kiçijik gaýyk” kitaby migrantlaryň betbagtçylygyna bagyşlanýar. Ýapon ýazyjysy Hiromi Kawakami “Uly guşuň nazary astynda” romanynda postapokaliptik giňişligi döredýär, italiýaly Winçenso Latroniko bolsa Berlindäki syýahatçylaryň durmuşy barada ýazýar. Hindi ýazyjysy Banu Muştak Hindistanyň günortasyndaky musulman aýal-gyzlaryň durmuşy, fransuz ýazyjysy Ann Serr «Giçigaplaň derisinden şlýapa” romanynda akyl bozulmalary bilen baglanyşykly meseleler barada gürrüň berýär.
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Londonda mälim ediljek baýragyň ýeňijisi 50 müň funt sterling alar.
2024-nji ýylda “Booker” baýragyna nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek “Kaýros” romany üçin eýe boldy.