“OpenAI” kompaniýasynyň “GPT-6 Astra” emeli aň modeli 1809-njy ýylda Fransiýanyň imperatory Napoleon Bonapart tarapyndan iberilen we 200 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda hiç hili çözülip bilinmedik ýapyk şifrlenen harby haty bary-ýogy alty sagadyň içinde doly okamagyň hötdesinden geldi.

Bu taslama “SentinelOne” kompaniýasynyň emeli aň inženeri we kiberhowpsuzlyk hünärmeni Karter Çýorç tarapyndan durmuşa geçirildi. Ol taryhy kriptografiýa bagyşlanan “Cryptiana” blogundaky maglumatlara esaslandy hem-de 1969-njy ýylda Fransiýanyň harby goşunynyň žurnalynda çap edilen nusgasy arkaly ýüze çykaryldy.

Hatyň açary saklanyp galmandygy sebäpli, resminama aslynda homofonik şifr arkaly, ýagny bir harpyň ýerine birnäçe dürli şertli belgileri ulanyp ýazylypdy. «Astra» modeli ozal manysy belli bolan 33 belgini we golýazmadaky jemi 175 belgini setirlere bölüp, näbelli nyşanlary dürli tarapdan seljermegi başardy we netijede şifrlenen haty doly düşnükli tekste öwürdi.

«The Telegraph» neşiriniň ýazmagyna görä, adam güýji bilen hem amala aşyryp boljak bu giň gerimli iş köp wagt we köp zähmet talap edýärdi. Ýöne emeli aň bu kynçylygy gysga wagtda üstünlikli baş çykaryp, taryhy syry açdy.

Napoleon Bonapart öweý ogly – Italiýanyň wise-koroly Ežen de Bogarnäň üsti bilen Dalmasiýadaky general Ogýust de Marmona gizlin hat iberipdir. Bu hatda möhüm harby duýduryşlar gizlenýärdi.

1809-njy ýyldaky bu uruş general Marmon üçin örän üstünlikli tamamlanyp, ol fransuz goşunlaryny Dalmasiýadan çykarypdyr hem-de Napoleonyň esasy leşgerine goşulyp, harby ýörişiň iň soňky uly söweşine gatnaşypdyr we gazanylan ýeňişden soň imperator oňa marşal derejesini beripdir.