9-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” hem-de hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Oňa laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki çäreleri amala aşyrmak arkaly Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin zerur işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, şol sanda onuň 80-nji sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçirmek we utgaşdyrmak wezipesi öňde goýulýar.
Şeýle hem meýilnamada ýurdumyzyň halkara maliýe-ykdysady düzümler bilen alyp barýan işlerini pugtalandyrmak, gatnaşyklary ilerletmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär. Onda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik ýaly ykdysady guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler hem bar. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde amala aşyryljak çäreler barada nygtalýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









