2026-njy ýylda dünýäniň iň täsirli pasportlary hökmünde Singapur, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasynyň resminamalary ykrar edildi. Bu barada raýatlyk we ýaşaýyş meseleleri boýunça ýöriteleşen Britaniýanyň “Henley & Partners” konsalting kompaniýasynyň reýtinginde bellenilýär.
Sanawda birinji orny eýelän Singapuryň raýatlary, indeksde görkezilen 227 sany ýurduň we çäkleriň 192-sine wizasyz girmäge hukuklydyrlar. Ikinji orny bolsa 188 ýurda wizasyz girip bilýän Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy paýlaşýar.
Üçünji orunda bäş sany Ýewropa ýurdy ýerleşýär: Daniýa, Lýuksemburg, Ispaniýa, Şwesiýa we Şweýsariýa. Bu döwletleriň raýatlary 186 ýurda wizasyz syýahat edip bilýärler.
Dördünji orny raýatlary 185 ýurda wizasyz girip bilýän Awstriýa, Belgiýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Irlandiýa, Italiýa, Niderlandlar we Norwegiýa eýeleýär. Bäşinji orny bolsa Wengriýa, Portugaliýa, Slowakiýa, Sloweniýa we Birleşen Arap Emirlikleri paýlaşýar (184 ýurt).
Altynjy orunda Horwatiýa, Çehiýa, Estoniýa, Malta, Täze Zelandiýa we Polşa ýerleşýär. Awstraliýa ýedinji orundaky ornuny saklap galdy we ony Latwiýa, Lihtenşteýn hem-de Beýik Britaniýa bilen paýlaşdy.”
Reýtingiň 20 ýyllyk taryhynda iň uly ösüşi Birleşen Arap Emirlikleri görkezdi. Bu ýurt 2006-njy ýyldan bäri 149 döwlet bilen wizasyz düzgün barada ylalaşyp, sanawda 57 basgançak ýokary galdy. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu üstünlik BAE-niň işjeň diplomatik gatnaşyklary we wiza syýasatyny ýeňilleşdirmegi netijesinde mümkin boldy.
2025-nji ýylda iň köp pozisiýasyny ýitiren ýurt Beýik Britaniýa boldy. Ol soňky 12 aýyň içinde sekiz ýurt bilen wizasyz düzgünini ýitirdi.
PDF









