31-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy ösdürmek, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik we parahatçylykly ýollar arkaly çözmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hukugyň ähmiýetini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm netijesidir.
Bu Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin kabul edilen çäreleriň meýilnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda «2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» taslamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany amala aşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF




