Owganystan Özbegistan bilen ýurduň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen dört esasy energiýa taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 243 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada Premýer-ministriň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň kanselýariýasynyň beýanatynda aýdylýar.
Şertnamalar Owganystanyň Ykdysadyýet boýunça wise-premýeriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Molla Abdul Gani Baradaryň we Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň, şeýle hem Kabuldaky hökümet işgärleriniň gatnaşmagynda gol çekildi. Taslamalaryň 18 aýyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar.
Dabarada aşakdaky iri taslamalar tassyklandy:
Kuwwaty 1000 MWt bolan “Surhan – Daşti-Alwan” 500 kW elektrik geçiriji liniýasyny giňeltmek;
Kuwwaty 800 megawolt-amper (MVA) bolan “Argandi” podstansiýasyny giňelmek;
Owganystanyň Nangarhar welaýatynda “Şeýh Mesri” podstansiýasynyň gurluşygy;
220 kW-lyk Kabul-Nangarhar elektrik geçirijisiniň giňeltmek.
Dabarada “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasynyň baş direktory Abdul Bari Omar dört şertnamany Owganystanda ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin möhüm diýip häsiýetlendirdi.
Şeýle hem DABS bilen özbek kompaniýalarynyň arasynda 10 ýyl möhlet bilen elektrik energiýasyny satyn almak boýunça şertnama baglaşyldy.