«Apple» kompaniýasy önümleriniň 25 göterimini Hindistanda öndürmegi maksat edinýär. Bu barada Hindistanyň söwda we senagat ministri Piýuş Goýal habar berdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat brendleriniň biri bolan “Apple” önümleriniň umumy möçberiniň 5-7 göterimini Hindistanda öndürýär.
Geçen ýylyň dekabrynda «Apple» Hindistandan 1 milliard dollar möçberinde smartfon eksport eden ilkinji kompaniýa boldy. Şeýlelikde, «Apple» Hindistanyň iri eksport edýän kompaniýalarynyň biri bolup, bu babatda «Samsung»-dan öňe saýlandy.
Jumamyrat SAPARMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









