Irlandiýanyň çäginde elektroulaglara zarýad beriji beketleriň tory emele geler. Bu barada ýurduň Ulag ministrligi maksatnama taýýarlady. Geljek üç ýylyň dowamynda zarýad infrastrukturasynyň döredilmegi üçin 100 million ýewro maýa goýum özleşdiriler. Maksatnamanyň çäklerinde ýurduň awtoýollaryna her 60 kilometrden ýokary geçirijiligi bolan zarýad beketleri gurlar. Şeýle hem bir we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda, etrapçalarda zarýad beriji nokatlar bolar. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň adamlary has köp elektroulag satyn almaga höweslendirjekdigi bellenilýär. Ýurtda häzirki wagtda hem elektroulaglara isleg ýokarlanýar. Zarýad beketleri has köp ýaýran ýagdaýynda adamlaryň ulaglaryna zarýad bermek aladalarynyň aradan aýryljakdygy mälim edilýär. Taslamany durmuşa geçirmekde ýerli häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk ediler. Maglumatlara görä, ýurtda elektroulaglaryň 80 göterimine öýde oturdylan enjamlar arkaly zarýad berilýär.
Yhlas NEPESEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









