Hytaýyň «Zijin Longking» kompaniýasy ýük göterijiligi 230 tonna bolan äpet elektroulagyny öndürdi. Kuwwaty 1 400 kW/sagat batareýa bilen üpjün edilen «ZL230E» atly ulagyň batareýalary 25 minutda 10 göterimden 90 göterime çenli zarýad alýar. Fuszýan welaýatynyň Lunýan şäherindäki tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen ulag açyk magdan känlerinde ulanmak üçin niýetlenipdir. Ulagyň ýükli wagtyndaky agramy 350 tonna ýetýär. «ZL230E» elektrik energiýasy bilen işleýän iň kuwwatly ulag boldy. Ulagyň dolandyryş ulgamlary hem ýokary derejede awtomatlaşdyrylypdyr. Ýük ulagy Awstraliýanyň EACON kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanypdyr. Bu iki kompaniýa magdan känlerinde ulanylýan ulaglaryň has netijeli işledilmegi üçin hyzmatdaşlyk edýär. EACON kompaniýasy 40-dan gowrak magdan käninde 3 müň 100-den gowrak awtomatlaşdyrylan ýük ulaglaryny öndürýär.
PDF








