ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynyň çärýek finalynda futbol janköýerlerine biri-birinden gyzykly bolar diýlip çaklanylýan 4 duşuşyk garaşýar. Duşuşyklar şu şu gün ýarygijeden soň başlanýar.

Çärýek finalyň 1-nji oýnunda Ýewropanyň öňdebaryjy 2 toparyny ýaryşdan çykan klublar – Braziliýanyň “Fluminense” topary bilen Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary duşuşar. Duşuşyk anna gününden şenbe gününe geçilýän gijede oýnalyp, ol ýarygijede, Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar. Duşuşyk Orlandodaky “Campıng World Stadıum”-da oýnalar.

Bu duşuşykdan 6 sagat soň, has takygy, 5-nji iýulda, şenbe güni ir säher 06:00-da Filadelfiýadaky “Lincoln Financial Field” stadionynda “Palmeiras” (Braziliýa) bilen “Çelsiniň (Angliýa) arasyndaky duşuşygyň ilkinji jürlewügi ýaňlanar.

Şenbe güni agşam has takygy, Aşgabat wagty bilen 21:00-da PSŽ bilen “Bawariýa” ýarym finala çykmak üçin güýç synanyşar. Duşuşyk Atlanta şäherindäki “Mercedes-Benz” stadionynda oýnalar.

Çärýek finalyň 4-nji duşuşygy bolsa şenbe gününden ýekşenbe gününe geçilýän gijede, ýarygijeden soň, 01:00-da başlap, Nýu Jersidäki “MetLife Stadium”-da “Real Madrid” bilen “Borussiýa Dortmund” toparlary özara duşuşarlar.

Mahlasy, çärýek finalyň 4 duşuşygy 25 sagadyň dowamynda geçiriler.

Çärýek finalda Çempionlar Ligasynyň final oýunlary gaýtalanar

PSŽ bilen “Bawariýanyň” 2020-nji ýylda, “Real Madrid” bilenem “Borussiýa Dortmundyň” 2024-nji ýylda UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda duşuşandyklaryny belläliň. Şol oýunlarda “Bawariýa” 1-0, “Real Madrid” 3-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Çärýek finalda ýeňiş gazanan toparlar 9-10-njy iýulda ýarygijeden soň başlanjak ýarym final oýunlarynda duşuşarlar.

 

Fluminense – Al Hilal (5-nji iýun, şenbe, 00:00) – “Camping World Stadium”, Orlando

Palmeiras – Çelsi (5-nji iýun, şenbe, 06:00) – “Lincoln Financial Field”, Filadelfiýa

PSŽ – Bawariýa (5-nji iýun, şenbe, 21:00) – “Mercedes Benz Stadium”, Atlanta

Real Madrid – Borussiýa Dortmund (6-njy iýun, ýekşenbe, 01:00) – “MetLife Stadium”, Nýu Jersi