Fransiýanyň 2-nji ligasy bolan “Ligue 2”-de 1-2-nji orny eýeläp, ýokary liga çykan klublar belli boldy. Loriýan toparyndan soň “Pariž FK” kluby-da “Ligue 1”-e çykmagy başardy. Möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, “Martig” topary bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Pariž FK” topary 46 ýyldan soň ýokary liga dolandy. “Pariž FK” topary soňky sapar 1978/79 möwsüminde ýurduň iň ýokary ligasynda çykyş edipdi.

Şunlukda, Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de 35 ýyldan soň ilkinji gezek paýtagt derbisi oýnalar. Soňky gezek “Ligue 1”-de 1989/90 möwsüminde şol wagtda “Rasing Klub Pariž” (häzirki “Rasing”) bilen PSŽ-niň arasynda Pariž derbisi oýnalypdy.

Pariž FK toparyny 2024-nji ýylyň oktýabrynda fransiýaly işewür Bernar Žan Etien Arno satyn aldy. Klub öz ýerli duşuşyklaryny “Stade Sebastien Charlety”-de oýnaýardy. Şu ýyldan başlabam “Stade Jean-Bouin”-e göçen klubuň täze stadiony PSŽ toparynyň dul degşir goňşusy bolup, iki stadionyň arasynda bir köçe bar. Iki stadionyň aralygy 20-25 metr çemesi bolup, duşuşyklar bir wagtda bolanda, janköýerleriň sesi iki tarapa-da eşidiler.