Awstraliýanyň çempionaty “A-League”-niň adaty möwsüminde çempion täze döredilen “Oklend FK” topary çempionlyk gazandy. Geçen ýylyň 14-nji martynda esaslandyrylan Täze Zelandiýanyň paýtagtynyň adybir kluby “Oklend” topary Awstraliýanyň çempionatynda çykyş edip başlady. Ol esaslandyrylanyndan 409 gün soň çempion bolup, taryhy başarnyk görkezdi. Awstraliýanyň çempionatynda mundan öň “Western Sidni Wonderers” topary-da özüniň ilkinji möwsüminde (2012/13) çempionlyk gazanypdy.

“Oklend” topary Awstraliýanyň çempionatynda çykyş edýän Täze Zelandiýanyň 2 toparynyň biri bolup, “Wellington Finiks” 2007-nji ýyldan bäri goňşy döwletiň ýokary ligasyna wekilçilik edip gelýär.

“Oklend” topary täze möwsümde AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaz. Sebäbi Täze Zelandiýa AFK-nyň däl-de, Okeaniýanyň agzasydyr. Awstraliýadan çempionaty 2-nji orunda tamamlan “Melburn Siti” topary AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşyna gatnaşar.