Hytaýyň “Yutong” kompaniýasy dünýäniň iň uzyn awtobusyny tanyşdyrdy. Elektrik energiýasy bilen işleýän awtobusyň Meksika bilen gazanylan ylalaşygyň netijesinde öndürilendigi mälim edildi. Äpet ulagyň iki ýerinde aňsat aýlanar ýaly ýaý bar. Kompaniýa şeýle ulagyň dünýäde ilkinji gezek öndürilýändigini belledi.
“Yutong”-yň Meksikadaky spikeri bu awtobusyň diňe uly göwrümli we az energiýa sarp etmän, eýsem, gyssagly ýerli isleglere hem jogap berýändigini, şol bir wagtyň özünde Meksikadaky ýolagçylaryň endikleriniň hem göz öňünde tutulandygyny belledi. Ulagyň geljekde Meksikada we bütin Latyn Amerikasy ýurtlarynda jemgyýetçilik gatnawynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşjakdygyny belledi.
Meksikadaky awtobuslaryň aglabasy “Yutong” kompaniýasynyň önümidir. Şeýle hem Ýewropadaky awtobuslaryň dörtden biri “Yutong” awtobuslarydyr.