Seýşeller Respublikasy garaşsyzlygyny alýar
1976-njy ýylyň 29-njy iýunynda Seýşeller Respublikasy (Seýşel adalary hem diýilýär) Birleşen Patyşalykdan garaşsyzlygyny alýar. Ululy-kiçili 115 töweregi adadan emele gelen ýurduň paýtagty Wiktoriýa Afrikanyň 1 müň 500 kilometr çemesi günortasynda ýerleşýär. Ýurduň iň ýakyn goňşulary Komor, Mawrikiý we Madagaskar adalarydyr. Seýşeller Afrikanyň iň kiçi we az ilatly ýurdy hasaplanýar. 2022-nji ýyldaky maglumata görä, ýurduň 100 müňden gowrak ilaty bar.
Kosmosda amerikan-rus hyzmatdaşlygy
ABŞ bilen Russiýanyň bilelikdäki “Shuttle-Mir” maksatnamasynyň çäklerinde 1995-nji ýylyň 29-njy iýunynda NASA-nyň STS-71 missiýasynyň çäklerinde “Atlantis” şattly Russiýanyň “Mir” kosmos bekedine birikdi. Bortunda rus komonawtlary Anatoliý Solowýew hem-de Nkolaý Budarin bolan kosmos gämisi 27-nji iýunda Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçurylypdy. Kosmos gämisi 7-nji iýulda NASA-nyň astronawty Normand Tagardy hem-de rus kosmonawtlar Wladimir Dežurowy we Gennadiý Srtekalow yzyna gelýär. Bu üçüsi şol ýylyň 14-nji martynda Gazagystanyň Baýkoňyr kosmodromyndan “Soyuz TM-21” kosmos gämisi bilen uçurylypdy.
Ilkinji “iPhone”
2007-nji ýylyň 29-njy iýunynda “Apple” ilkinji smartfony bolan “iPhone”-y çykarýar. “iPhone 1”, iPhone 2G hem hem diýilýän bu smartfondan 6,1 million töweregi satylýar.

Ilkinji “Älem gözeli” bäsleşigi
1952-nji ýylyň 29-njy iýunynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Long Biç şäherinde ilkinji gezek “Älem gözeli” (Miss Universe) bäsleşigi geçirilýär. Gözellik bäsleşiginde Finlýandiýa wekilçilik edýän Armi Kuusela ýeňiji bolýar.
Bäsleşik Merkezi edarasy Tailandda we Meksikada ýerleşýän “Miss Universe Organization” (“Älem gözeli guramasy”) tarapyndan her ýylda geçirilýär. Bu bäsleşik “Dünýä gözeli”, (Miss World) “Halkara gözel” (Miss International) we “Ýeriň gözeli” (Miss Earth) bäsleşikleri bilen bir hatarda iň belli gözellik bäsleşikleriň biridir.
Suratda: Armi Kuusela Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide gül desseleri bilen garşy alynýar.