Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy belli boldy. 82-nji gezek geçirilýän ýaryşyň ýarym finalynda 3-nji ligada çykyş edýän “Arminiýa Bilefeld” topary öz meýdançasynda kubogyň häzirki eýesi “Baýeri” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 17-nji minutda Jonatan Tanyň goly bilen öňe geçen “Baýeriň” derwezesinden ýeňiş gollaryny 20-nji minutda Marius Wörl bilen 45+3-nji minutda Maksimillian Grosser geçirdi. 2-nji ýarymda kembekler bilen meşhurlyk gazanan “Baýere” bu gezek şol däbine eýermek başartmady.

Netijede, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Arminiýa” taryhynda ilkinji gezek kubok ýaryşynyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy. “Arminiýa” finala gelýänçä “Union Berlin”, “Fraýburg”, “Werder” hem-de “Baýeri” ýeňmegi başardy. “Arminiýa” topary 1-nji ýa-da 2-nji liganyň kluby bolman “Bundesliganyň” wekilleriniň ýeňip finala çykan ilkinji topar hökmünde hasaba alyndy. Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda soňky 24 ýylda ilkinji ýola 3-nji liganyň wekili finala çykdy. Soňky gezek 2001-nji ýylda “Union Berlin” finala çykyp, “Şalkeden” 2-0 hasabynda ýeňlipdi.

“Arminiýanyň” finaldaky garşydaşy şu gijeki “Ştutgart” ýa-da “Leipsig” bolar.

“Baýer” topary 10 oýundan soň kubok ýaryşynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.