Bütindünýä metbugat azatlygy güni 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 3-nji maýynda bellenilip geçilýär. Bu gün barada 1993-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýasy, şeýle-de, Ykdysady we Jemgyýetçilik guramasynyň teklibi bilen kabul edildi. Bu gurama 1991-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň 26-njy konferensiýasyna ýolbaşçylyk edipdi. Her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretariýasynda Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli birnäçe hatlary çap edilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Maglumata elýeterlilik, adamlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmak arkaly ösüş meseleleri çözmeklige uly ýardam edýär. Mundan başga-da, bu gün metbugat işgärleri we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri maslahatlaşmak üçin ýygnanýarlar.

1997-nji ýyldan bäri bu ugurda tapawutlanan žurnalistlere we ýazyjylara ÝUNESKO-nyň ýörite baýragy gowşurylýar.

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.