Dünýäniň 110 ýurdunda 5 müň 500-den gowrak myhmanhanasy bolan «Accor Hotels» geçen ýyl 291 myhmanhanany açyp, ulanmaga berdi. Kompaniýanyň geçen ýylky girdejisi bolsa, 20 göterim ýokarlanyp, 5 milliard 56 million ýewro ýetipdir. Arassa girdejisi bolsa, 57 göterim köpelip, 633 million ýewro bolupdyr. Pandemiýanyň yzda galmagy bilen kompaniýanyň myhmanhanalary dünýäniň ähli sebitlerinde ýokary girdeji getiripdir. Her otag girdejisi bolsa, 23 göterim artypdyr. Kompaniýanyň paýdarlary bolsa, ýylyň dowamynda jemi 676 million ýewro gazanypdyr. Geçen ýyl açylan myhmanhanalarda jemi 41 müň otagyň bardygy bellenildi. Geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, kompaniýa degişli myhmanhanalaryň sany 5 müň 584-e deň.
Hojanyýaz HOJANYÝAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









