Norwegiýanyň çempionaty “Eliteserien”-de çempion soňky tapgyrda belli boldy. 30-njy tapgyrda sanawyň lideri “Wiking” topary öz meýdançasynda “Walerenga” toparyny 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýelerine hem ýeňiş, hem-de çempionlyk getiren gollary Austbo, Roset, Tripiç (p), Haugen hem-de Askildsen geçirdi. Şeýlelikde, “Wiking” topary utugyny 71-e çykaryp, soňky 2 ýylyň çempiony “Bude-Glimt” bilen arasyndaky 1 utuklyk aratapawudy saklamagy başardy. Netijede, “Wiking” topary 1991-nji ýyldan soň, ýagny 34 ýyllyk arakesmeden soň taryhyndaky 9-njy çempionlygyny baýram etdi. 2021-nji ýylda we geçen möwsümde 3-nji orny eýeläp, çempionlygy buşdulan “Wiking” topary mundan öňki 8 çempionlygyny 1958-nji, 1972-nji, 1973-nji, 1974-nji, 1975-nji, 1979-njy, 1982-nji hem-de 1991-nji ýyllarda gazanypdy.
Soňky 5 ýylda 4 gezek çempionlyk gazanan “Bude-Glimt” topary bu sapar 2-nji ýer bilen oňňut etmeli bolar. “Wiking” topary täze möwsümde Çempionlar Ligasyna pleý-off tapgyryndan, “Bude-Glimt” bolsa 2-nji saýlama tapgyryndan gatnaşar.
81-nji möwsümi tamamlanan Norwegiýanyň çempionatynda “Rosenborg” toparynyň 26 çempionlygy bolup, olar bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar. Soňky sapar 1961-nji ýylda çempionlyk gazanan “Fredrikstad” bilen “Wikingiň” 9 çempionlygy bar. “Molde”, “Lilleström”, “Walerenga” toparlary 5, “Bude-Glimt” topary hem 4 gezek çempion bolmagy başardy. Çempionatda jemi 17 klub çempionlyk gazandy.
PDF









