Ispaniýaly meşhur ýyldyz oýunçy Serhio Ramos karýerasyny Meksikada dowam eder. 8 aý klubsuz galan 38 ýaşyndaky Ramos Meksikanyň “Monterreý” topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol şol 1 ýylda 4 million ýewro hak alar. Ramos täze klubunda 93-nji belgili köýnekçäni geýer. 2014-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň finalynda “Atletikonyň” derwezesinden 90+3-nji minutda geçiren goluny nazarda tutup, bu belgini saýlady. Şol finalda “Real Madrid” soňlugy bilen, 4-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Karýerasy boýunça “Sewilýa” (2003–06, 2023–24), “Real Madrid” (2006–21) hem-de PSŽ (2021–23) klublarynda oýnan Ramosyň 842 duşuşykda 119 goly bar. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynda-da 180 duşuşykda 23 gezek tapawutlanmagy başardy. Martin Demişelisiň tälimçiligindäki topar Meksikanyň çempionatynda 5 gezek ýeňiji boldy.