ABŞ-nyň çip öndüriji “Nvidia” kompaniýasynyň bazar gymmaty 4 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, bu kompaniýa şeýle sepgide ýeten ilkinji firma boldy. Kompaniýanyň paýnamalary 2,5% ýokarlanyp, 164 dollara ýetdi. Ýylyň başyndan bäri bolsa, 22% ýokarlanypdyr. Bu bolsa kompaniýanyň bazar gymmatyna 700 milliard dollar goşant goşupdyr. Çip öndürijisiniň gymmaty 2023-nji ýylda 240% artan bolsa, geçen ýyl 170% ýokarlanypdy.
Kompaniýa emeli aň tehnologiýasyny öndürip başlandan soňra girdejileri görnetin ýokarlanypdy.