Gruziýanyň paýtagty Tbiliside özboluşly dizaýny bilen şäheriň beýikli-pesli landşaftyndan ylham alnyp dizaýn edilen täze gökdirän peýda bolar. “Zaha Hadid Architects” (ZHA) binagärlik kompaniýasynyň taslamasy esasynda guruljak “Cityzen Tower” atly bina şäheriň Saburtalo etrabynda gurlar. 42 gatly bina 2028-nji ýylda açylar. Ägirt uly toplumyň umumy meýdany 57 müň inedördül metr bolar. Binanyň esasy aýratynlyklarynyň biri spiral görnüşinde aýlanyp gidýän giň basgançakly terrasalarynyň bolmagydyr. Bu terrasalar edil bina direg bolup duran ýaly bolup görner. Mundan başga-da binanyň aşaky gatlarynda baýyrlyk terrasalaryna çykylýan birnäçe ofisler, kafeler we dükanlar, şol bir wagtyň özünde hem balkonly ýaşaýyş öýleri, ýagyş suwuny ýygnaýan ulgam bolar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.