Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len de­mir­ga­zyk ýurt­lar­da de­mir­ga­zyk şa­pa­gy (de­mir­ga­zyk ýag­ty­ly­gy, au­ro­ra) peý­da bo­lup baş­la­dy. Finl­ýan­di­ýa­nyň Lap­lan­di­ýa se­bi­tin­de sö­züň do­ly ma­ny­syn­da te­bi­ga­tyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi su­ra­ta dü­şü­ril­di. Gi­je­si­ne doý­gun ýa­şyl we gy­zyl reňk­li gör­nüş­de peý­da bol­ýan ýag­ty­ly­gyň şe­ki­li yzy­gi­der­li üýt­gäp dur­ýar. Şol se­bäp­li onuň bi­ri beý­le­ki­si­ne meň­ze­me­ýär. Ýag­ty­lyk peý­da bo­lan­dan soň­ra bir­nä­çe sa­gat­lap do­wam ed­ýär, em­ma onuň şe­ki­li yzy­gi­der­li üýt­gäp dur­ýar. Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem bu ha­dy­sa­nyň ýü­ze çy­kyp baş­lan­dy­gy mä­lim edil­di.
Bu te­bi­gy ha­dy­sa her ýy­lyň gyş aý­la­ryn­da de­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn ýer­ler­de peý­da bol­ýar. Aja­ýyp te­bi­gy tä­sin­li­ge to­ma­şa et­mek is­le­ýän­ler gyş pas­ly­nyň go­laý­la­ma­gy bi­len Skan­di­naw ýurt­la­ry­na gid­ýär­ler. «Au­ro­ra» iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ha­dy­sa Gün­den gel­ýän şöh­lä­niň Ýe­riň ýo­kar­ky at­mos­fe­ra­syn­da­ky gaz bi­len gal­taş­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär.

Islam Abdlnebiýew,
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.