Angliýaly hüjümçi Temmi Abraham 5 ýyldan soň ýurduna dolandy. 28 ýaşyndaky futbolçy “Aston Willa” klubuna transfer boldy. Abraham “Beşiktaş” toparynda kärendesine çykyş edýärdi. Türk kluby ony şu hepdäniň başynda 13 million ýewro ymykly düzümine geçiripdi. “Aston Willa” topary Abrahamyň transferi üçin “Beşiktaşa” 20 million ýewro berer. Ol birmingemliler bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy.

Karýerasyna “Çelside” başlan Abraham 2018/19 möwsüminde hem “Aston Willada” oýnapdy. Ol “Bristol Siti”, “Swansi Siti” klublarynyň düzüminde-de kärendesine çykyş edipdi. “Çelside” 2 möwsüm çykyş eden Abraham 2021-nji ýylda “Roma” geçipdi. Geçen möwsüm “Milanda” kärendesine oýnan hüjümçiniň klublarda 399 oýunda 155 goly bar.