NASA ýarym asyrdan gowrak wagtdan soňra Aýa adamly syýahatlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. “Artemis II” atly taslamanyň çäklerinde 6-njy fewraldan soňra dört astronawt kosmosa uçurylar. Rid Waýsmen, Wiktor Glower, Kristina Koç we Jeremi Hansen (Kanada kosmos agentliginden) dagydan ybarat topar 10 günläp kosmos giňişliginde bolarlar. Emma olar Aýyň ýüzüne aýak basmazlar. Kosmos gämisi ilki, Ýeriň orbitasyna çykar. Soňra bolsa, ekipažyň dolandyrmagy bilen gämi Aýa tarap ugur alar. Kosmos gämisi Ýeriň hemrasynyň daşyndan “8” şekilli ugurda hereket edip, yzyna gaýdar. “Orion” atly kosmos gämisi munuň üçin motorlaryny gaýtadan otlamagyna zerurlyk duýmazdan Ýere gaýdyp geler.
Uçuşyň anyk senesi “Space Launch System” (SLS) raketasynyň, “Orion” kapsulasynyň we ýerdäki ulgamlaryň tehniki ýagdaýyna görä belli bolar. Ýagdaýa görä, aprel aýy tamamlanmanka uçuşyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Syýahatyň dowamynda birnäçe tejribe geçiriler, köp zat barlanyp görler. Kosmos gämisi Floridadaky Kennedi kosmos merkezinden uçurylar. “Orion” yzyna gelende, ABŞ-nyň günbatarynda Ýuwaş ummanyna gonar.
“Artemis II” missiýasynda adamyň Aýa aýak basmagy göz öňünde tutulmaýar. Bu taslama Ýeriň hemrasyna adamyň ugradylmagyny göz öňünde tutýan “Artemis III” taslamasyna taýýarlyk hasap edilýär. NASA “Artemis III”-iň 2027-nji ýyldan ozal başlamajakdygyny mälim edýär.
NASA-nyň Aý bilen bagly maksatnamasy diňe bir gezek Aýa gonmak bilen bagly däl. Kosmos edarasy Ýeriň hemrasynda hemişelik bazany gurmagy maksat edinýär. “Artemis IV” hem-de “Artemis V” maksatnamasynyň çäklerinde Aýyň orbitasynda “Gateway” atly kiçiräk kosmos bekedi gurlar. Soňra bolsa, Aýyň ýüzüne gonmak göz öňünde tutulýar.
Mundan ozal, 1970-nji ýyllarda adamzat taryhynda ilkinji gezek amerikan astronawtlary Aýa aýak basypdy. “Apollo” maksatnamasynyň çäklerinde jemi 24 adam Aýa bardy, olaryň 12-si Aýyň üstünde ýöredi. Soňky gezek 1972-nji ýylda “Apollo 17” missiýasy bilen astronawtlar Aýa gidipdi.
Ýewropa ýurtlary hem-de Ýaponiýa hem geljek ýyllarda bu maksatnama goşulmagy maksat edinýärler. Geljek aý uçuryljak astronawtlaryň arasynda bolsa, bir sany kanadaly hem bar. Soňky ýyllarda kosmosa has köp maýa goýýan Hytaý we Hindistan hem geljek ýyllarda Aý bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.