66 ýyldan soň çempionlyga golaýlasa-da, 41 ýyllyk däbi bozup bilmedi

3

Şotlandiýanyň çempionaty “Premiership”-de çempion soňky tapgyrda belli boldy. Tutuş möwsümi diýen ýaly 1-nji orunda dowam etdiren “Hart of Middlotion”, ýagny “Harts” topary 66 ýyldan soň taryha çempionlyga golaýlasa-da, dramatik ýagdaýda ýeňşi elden giderdi. Myhmançylykda soňky çempion “Seltik” bilen duşuşan “Harts” topary duşuşygyň 42-nji minutynda Lawrens Şanklandyň goly bilen öňe-de geçdi. Hatda olara çempionlyk üçin deňlik hem ýeterlikdi. Oýnuň 45+3-nji minutda eminiň bellän penaltisini dürs uran Arne Engels hasaby deňledi. 2-nji ýarymda goraga üns beren “Harts” ýer eýeleriniň hüjümlerini 86-njy minuta çenli serpikdirmegi başardy. Ýöne 86-njy minutda “Seltik” toparynyň ýapon hüjümçisi Daizen Maedanyň goluny olara saklamak başartmady. Oýnuň 90+7-nji minutynda bolsa Kallum Osmandyň boş derwezä gönükdiren goly “Hartsyň” çempionlyk arzuwyna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Seltik” bassyr 5-nji, soňky 15 ýylda 14-nji, umumylykda-da 56-njy çempionlygyny baýram etdi. Glazgo şäheriniň wekili esasy bäsdeşi “Reýnjersden” çempionlyk gazanmakda öňe geçdi.

“Harts” bolsa 66 ýyldan soň golaý gelen çempionlygyň bosagasyndan gaýtdy. Olar 41 ýyldan soň çempionlygy Glazgo şäheriniň wekillerinden tas alypdy. Şotlandiýada soňky gezek “Seltik” ýa-da “Reýnjersiň” çempion bolmadyk ýyly 1985-nji ýyl bolup, Aleks Ferguson “Aberdine” yzly-yzyna 2 çempionlyk gazandyrypdy.
Taryhynda 3 gezek çempionlyk gazanan “Harts” topary 1897-nji, 1958-nji hem-de 1960-njy ýyllarda çempion bolupdy.
1985-nji ýyldan bäri “Seltik” 23, “Reýnjers” 18 gezek çempion bolup, olaryň birinjisiniň 56, ikinjisiniň 55 çempionlygy bar.