Fran­si­ýa­nyň ozal­ky Şa ze­na­ny Ma­ri­ýa An­tua­net­ta­nyň göw­her bi­le­zik­le­ri Şweý­sa­ri­ýa­da ge­çi­ri­len auk­si­on­da 8 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. XVIII asyr­da ýa­şap ge­çen An­tua­net­ta­nyň bi­le­zik­le­ri­ni auk­sio­na te­le­fon ar­ka­ly gat­na­şan adam al­dy. Aly­jy­nyň ady mä­lim edil­me­di. Bi­le­zik­ler ga­ra­şy­lan­dan iki es­se gym­ma­da sa­tyl­dy. «Chris­tie’s» auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lan bu ha­ryt­la­ryň 2-4 mil­li­on dol­lar ara­ly­gyn­da sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy. Bi­le­zik­ler­dä­ki göw­her­le­riň je­mi 140-150 ka­rat ara­ly­gyn­da­dy­gy aý­dyl­ýar. Ola­ryň her bi­rin­de üç ha­tar­dan, je­mi 112 göw­her da­şy bar.
«Chris­tie’s» auk­si­on öýü­niň hü­när­men­le­ri Ma­ri­ýa-An­tua­net­ta­nyň 1776-njy ýyl­da tag­ta çy­kan­dy­gy­ny we iki ýyl­dan soň­ra bu gym­mat­ly bi­le­zik­le­ri Çarlz Ogust Bo­mer at­ly zer­gä­re sar­gyt eden­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. «Chris­tie’s» auk­si­on öýü­niň Ýew­ro­pa se­bi­ti bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Fran­sua Kur­ýel bu bi­lezik­le­riň fran­suz ta­ry­hy­nyň äh­mi­ýet­li döw­rü­ni aň­lat­mak üçin wag­tyň sy­ýa­ha­ty­na çy­kan­dy­gy­ny aýt­dy.