Russiýanyň çäginde rus dilinden başga iň köp ýaýran diller tatar, çeçen we ukrain dilleridir. Bu barada ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Dil öwreniş institutynyň kiçi dilleri öwrenmek we gorap saklamak laboratoriýasynyň müdiri Olga Kazakewiç “Ria.ru” habarlar gullugyna habar berdi.
“Bu ilkinji nobatda, tatar dili (takmyna 4,3 million töweregi adam). Çeçen dilinde 1,3 million, ukrain dilinde 1,1 milliondan gowrak, başgyrt dilinde 1,1 million adam, çuwaş dilinde bir milliondan köp adam gepleýär” diýip, Kazakewiç gürrüň berdi.
Hünärmen şeýle-de ýurtda iň köp gepleşilýän dilleriň ilkinji onlugyna 900 müň adam gürleşýän awar, 660 müň töweregi göteriji bolan ermeni we 515 müňden gowrak adam sözleşýän kabardin-çerkez dilleriniň girýändigini belledi.
Esasy Dünýä täzelikleri Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil öwreniş instituty ýurtda iň ýaýran dilleri habar berdi
PDF









