Germaniýanyň öňki daşary işler ministri Annalena Berbok BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlandy. Germaniýaly syýasatçy bu wezipä ýeke-täk dalaşgärdi. Mart aýynda Germaniýanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy wezipesine dalaşgär hökmünde Berboky hödürlemegi meýilleşdirýändigi mälim boldy.
Kasam kabul ediş dabarasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumy çekişmesiniň öňüsyrasynda 9-njy sentýabrda meýilleşdirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryndan başga, BMG-ä agza ýurtlaryň arasyndan bir ýyl möhlet bilen saýlanýar. Berbok gender deňligini we howany goramagy özüniň ileri tutýan ugurlary diýip atlandyrdy.
Annalena Berbok BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy wezipesini eýelän bäşinji zenan bolar. Berbok halkara hukugyny öwrendi we daşary işler ministri hökmünde birnäçe gezek Nýu-Ýorka baryp, Birleşen Milletler Guramasynda çykyş etdi. Maý aýynyň ortalarynda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Berbok özünden ozalkylardan has işjeň rol oýnamak isleýändigini aýtdy.