82 ýyldan soň bir kitap Tehasdaky San-Antonio jemgyýetçilik kitaphanasyna baryp gowuşdy. Bu barada UPI habar berýär. 1943-nji ýylyň iýul aýynda 11 ýaşly oglanjyk Frensis Brýus Streýniň “Siziň çagaňyz, onuň maşgalasy we dostlary” atly kitaby üçin alypdyr. Kitaphananyň düzgünine görä, oglanjyk bu kitaby 28 günüň dowamynda yzyna kitaphana gaýtaryp bermelidi. Onuň ejesi ABŞ-nyň Meksikadaky ilçihanasynda wezipä bellenipdi. Şol sebäpden hem onuň maşgalasy başga bir şähere göçmek bilen ol kitap goşlaryň arasynda galyp, 80 ýyldan gowrak wagtda bu maşgalada yzyna tabşyrylman galypdyr. Golaý wagtda zenanyň agtygy ony tapyp, San-Antonio jemgyýetçilik kitaphanasyna indi enesiniň kitap üçin töleg töläp bilmejekdigini, kitabyň ýany bilen ýene bir kitaby berjekdigini we jerime salynmazlygyny haýyş edip, hat ugratdy. San-Antonioda ýerleşýän ol kitaphana aslynda 2021-nji ýylda jerime salmak ulgamyny düýpgöter ýatyrypdyr. Şonuň üçin hem hiç hili ýagdaýda ol kitap üçin ýaş oglanjyga töleg tölemek zerurlygy bolmady. Häzirki wagtda 82 ýyldan soňra kitaphana gelip gowşan ol kitap foýede goýuldy, ýakyn wagtda ony ýerli kitap dükanlarynda satuwa çykarmak göz öňünde tutulýar.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.