1867-nji ýylyň 17-nji fewralynda Sues kanalyndan ilkinji gämi geçýär. Müsüriň çäginde geçýän bu emeli kanal Gyzyl deňiz bilen Ortaýer deňzini birikdirip, Aziýada-Ýewropa aralygyndaky deňiz ýoluny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berdi. Kanalyň gurluşygyna 1859-njy ýylyň 25-nji aprelinde başlanyp, 1869-njy ýylyň 17-nji noýabrynda doly gurlup gutarylýar. Kanal ilkibaşda uly gämileriň geçmegine mümkinçilik berjek derejede çuň we giň edilip guruldy. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda peýda bolan has uly gämileriň geçmegi üçin kanal hem dürli ýyllarda çuňaldyldy hem-de giňeldildi.
Kanal açylmazdan ozal Aziýa ýurtlary bilen Ýewropanyň aralygynda gatnaýan gämiler Afrikanyň daşyndan aýlanmaly bolýardylar. Emeli kanal gämiçilere wagty we çykdajylary köp mukdarda tygşytlamaga mümkinçilik berdi.