Myhmançylykda “Monza” bilen duşuşan “Milan” garşydaşyndan ilkinji gezek utuldy. 4-2 hasabynda asgyn gelen “Milan” topary 2-nji ýarymy 1 oýunçy kem oýnady. 1-nji ýarymyň ahyrynda eminiň bellän penaltisini dürs uran Pessina ýer eýelerini öňe çykardy. Bu goldan 6 minut soň, has takygy, 45+6-njy minutda Motanyň owadan golundan soň hasap 2-0-a ýetdi. 2-nji ýarymyň başynda-da “Milanyň” hüjümçisi Luka Ýowiç gyzyl kart alyp, toparyny hasam alaçsyz goýdy. Ýöne muňa garamazdan, 2-nji ýaryma Žiru, Pulişiç, Leao dagy bilen başlan hasaby deňlemegi başardy. 65-nji minutda Žiru, 88-nji minutda-da Pulişiçiň takyk urgulary bilen “Milan” 1 utuga golaýlady. Ýöne edil 1-nji ýarymyň ahyrynda bolşy ýaly, 2-nji ýarymyň hem soňky minutlarynda “Milan” deňligi saklap bilmedi. 90-njy minutda Bonbonyň goly bilen öňe geçen “Monzanyň” “Milandan” kärendesine alan hüjümçisi Kolombo 90+5-nji minutda oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Milan” “Ýuwentusyň” utuk ýitiren tapgyrynda 2-nji orna geçmek mümkinçiliginden ýerlikli peýdalanyp bilmedi. “Milan” çempionatda 10 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy.