Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 2-nji ýaryşy Şwesiýada geçirildi. 18 tapgyrdan ybarat 300,1 kilometrlik ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň fin sürüjisi Esapekka Lappi ýeňiş gazandy. Goňşy ýurdaky ýaryşy 2 sagat 33 minut 04,9 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram baýram etdi. Garly ýollarda geçirilen ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň britaniýaly sürüjisi Elfin Ewans 2-nji ýeri eýeledi. Ol ýeňijiden 29,6 sekunt yza galady. “M-Sport Ford” toparynyň fransuz sürüjisi Adrien Furmo 3-nji orna mynasyp boldy. Möwsümiň 1-nji ýaryşynyň ýeňijisi belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai Shell Mobis”) pellehanadan 4-nji bolup geçmegi başardy.
Sanawda Noýwill 48 utuk bilen 1-nji orunda barýar. 2-nji ýerdäki Elfin Ewansyň 45, 3-nji basgançakdaky Adrien Furmonyň 29 utugy bar. Möwsümiň 3-nji ýaryşy Keniýa Rallisi 31-nji martda geçiriler.