Goňşy ýurtda ýeňiş gazandy

59
Esapekka Lappi (FIN) Janne Ferm (FIN) Of HYUNDAI SHELL MOBIS WORLD RALLY TEAM are seen racing during the World Rally Championship Sweden in Umea, Sweden on 26 January, 2024 // Jaanus Ree / Red Bull Content Pool // SI202402150348 // Usage for editorial use only //

Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 2-nji ýaryşy Şwesiýada geçirildi. 18 tapgyrdan ybarat 300,1 kilometrlik ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň fin sürüjisi Esapekka Lappi ýeňiş gazandy. Goňşy ýurdaky ýaryşy 2 sagat 33 minut 04,9 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram baýram etdi.  Garly ýollarda geçirilen ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň britaniýaly sürüjisi Elfin Ewans 2-nji ýeri eýeledi. Ol ýeňijiden 29,6 sekunt yza galady. “M-Sport Ford” toparynyň fransuz sürüjisi Adrien Furmo 3-nji orna mynasyp boldy. Möwsümiň 1-nji ýaryşynyň ýeňijisi belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai Shell Mobis”) pellehanadan 4-nji bolup geçmegi başardy.

Sanawda Noýwill 48 utuk bilen 1-nji orunda barýar. 2-nji ýerdäki Elfin Ewansyň 45, 3-nji basgançakdaky Adrien Furmonyň 29 utugy bar. Möwsümiň 3-nji ýaryşy Keniýa Rallisi 31-nji martda geçiriler.