19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky sebitleýin edarasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny, şol sanda awtomobil ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň web sahypasy habar berýär.