18-nji fewral güni Türkmenistandan Özbegistana bir gije-gündizde 21,6 million/kilowatt sagat elektrik energiýasy iberildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Maglumat we köpçülikleýin kommunikasiýa agentliginde geçirilen brifingde ýurduň Energetika ministrliginiň wekilleri mälim etdi.
Respublika boýunça sarp edijilere 225,6 million kilowatt/sagat elektrik energiýasy sarp edijilere iberildi. Şeýle hem 151,6 million kub mertlik tebigy gaz sarp edildi. Ýurduň Energetika ministrliginiň habar bermegine görä, Özbegistanda öndürilýän we Türkmenistandan getirilýän elektrik energiýasynyň mukdary islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däl. Şonuň üçin-de, ýekşenbe güni sarp edilişiň iň güýçlenýän wagtynda elektrik energiýasynyň iberilişi 400 megabite çenli çäklendirildi. Bellenişi ýaly, bu güýçli ýel sebäpli Buhara sebitindäki elektrik geçiriji liniýasynda ýüze çykan bökdençlik bilen baglanyşyklydyr.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň web sahypasy habar berýär.