“Serie A”-da geçen möwsümde 33 ýyldan soň taryhy çempionlyk gazanan “Napoli” toparynda Luçano Spallettiniň wezipesini taşlanyndan bäri klubuň ýagdaýy öwerlikli däl. Möwsüme fransiýaly Rudi Garsiýanyň ýolbaşçylygynda başlan “Napoli” topary noýabrda ozalky tälimçilerinden Walter Mazzarini wezipä belläpdi. Klubuň prezidenti Aurelio De Laurentis Mazzarini hem ugradyp, möwsümiň ahyry Françesko Kalzona bilen tamamlajakdyklaryny mälim etdi. Häzirki wagtda Slowakiýanyň ýygyndysyna tälim berýän 55 ýaşyndaky Kalzona 2015-2018, 2021-2022-nji ýyllarda “Napoli” toparynda kömekçi tälimçi bolup işläpdi. “Barselona” bilen boljak duşuşygyň öňüsyrasynda şeýle netijä gelinmegi aýratyn bellärliklidir. Kalzona 2004-nji ýyldan bäri kluba ýolbaşçylyk edýän De Laurentisiň wezipä bellän 12 hünärmeni boldy. “Napoli” topary 26 ýyldan soň ilkinji gezek bir möwsümde 2 tälimçi çalyşdy. Şu möwsümde “Napoliden” başga-da “Serie A”-da “Salernitana” hem-de “Empoli” klublary-da tälimçilerini 2 gezek çalşyp, 3-nji tälimçileri bilen ýoluny dowam edýär.