“Hollywood”-yň angliýaly meşhur aktýorlarynyň biri Patrik Stýuwart Los Anjelesdäki öýünde 86 ýaşynda aradan çykdy. Ol Star Trek hem-de Iks adamlar filmlerindäki keşpleri bilen ýatda galypdy.

1940-njy ýylyň 13-nji iýulynda Angliýanyň Günbatar Ýorkşaýr diýen ýerinde dünýä inen Patrik Stýuwart kino sungatyna 1975-nji ýyldaky “Hedda” filmi bilen aralaşýar. 1984-nji ýylda “Dýuna” filminde oýnaýar. 1994-nji ýylda “Star Trek” filminde Žan-Luk Pikaryň keşbinide çykyş edýär we bu keşp oňa uly şöhrat getirýär. Ol “Star Trek” filmleriniň 4-sinde surata düşýär. 2000-nji ýylda “Iks adamlar” filmindäki Professor Çarlz Ksawieriň keşbi bilen tutuş dünýäde tanalýar. Ol Professor Çarlz Ksawieriň keşbini ýene-de 9 filmde janlandyrýar. Olaryň soňkusy öňümizdäki dekabrda ekranlara çykjak “Ar alyjylar: doktor Dumuň güni” filmidir.

Ençeme animasiýalaryň gahrymanlaryna ses beren Patrik Stýuwart “Altyn globus”, Emmy”, SAG hem-de teatr sungatynyň iň uly baýragy bolan “Tony” baýraklaryna dalaşgär görkezilýär.

3 gezek öýlenen aktýoryň 2 çagasy bolup, ol “Hollywood”-yň şöhratlylar alleýasynda ýyldyzyň hem eýesidir. Aktýor soňky ýyllarda alsgeýmer hem-de demensiýa keselleri bilen göreşip gelýärdi.