Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmegiň 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Döwlet bäsleşiginiň II tapgyry, ýagny Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça geçirildi. Döwlet bäsleşikleri iňlis, rus, dilleri boýunça geçirilýär. Döwlet bäsleşiginiň 2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda geçirilen I tapgyrynda ýurdumyzda gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriň 30-yndan jemi 500-e golaý diňleýji 4 ýaş derejesi boýunça indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.
Döwlet bäsleşiginiň II tapgyry saýlanan zehinli okuwçylaryň arasynda örän çekeleşikli, aýdyňlyk we açyklyk ýagdaýynda geçdi. Döwlet bäsleşiginiň II tapgyry Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýaty boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz institutynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem-de Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda geçirildi.
Döwlet bäsleşiginiň bu tapgyryna eminlik eden toparda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen birlikde gysga möhletli okuwlary guraýan döwlete dahylsyz okuw merkezlerinde zähmet çekýän mugallymlar hem wekilçilik etdiler.
Döwlet bäsleşiginiň ähli geçirilen ýerlerinden Döwlet bäsleşiginiň geçirilişi Merkezi guramaçylyk topary tarapyndan onlaýn gözegçilik edildi. Şeýle hem, ýerlerde döredilen Eminler we Gözegçilik toparlary tarapyndan Döwlet bäsleşiginiň açyklyk, adyllyk we aýdyňlyk esasynda Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça II tapgyryň ýeňijileri jemleýji III tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan diňleýjileri yglan edildi hem-de Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleri tarapyndan degişli diplomlary bilen sylaglanyldy.
Netijede, Döwlet bäsleşiginiň 2024-nji ýylyň 11-nji martynda geçiriljek jemleýji III tapgyryna jemi 217 diňleýji gatnaşar. Bu gezek geçirilýän Döwlet bäsleşigiň aýratynlykly taraplarynyň biri hem dil biliminiň halkara bahalandyrma synaglarynyň talaplaryna laýyklykda 16 ýaşdan uly raýatlar toparynyň has çuňlaşdyrylan derejesi boýunça hem bäsleşýändigidir.
Çeşme: education.gov.tm