22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy.
Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary babatda Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna hem seredildi. Bular boýunça Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Hukuk-bilermenler topary dörediler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlaryny hem-de medeniýetini kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmek, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligimizi pugtalandyrmak babatda möhüm işleri alyp barmagynyň zerurdygy nygtaldy. Täze taryhy döwrüň belent maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmegi örän ähmiýetli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň hem taýýarlanylandygyny belledi. Meýilnama laýyklykda, ilkinji nobatda, kanun çykaryjylyk başlangyçlaryna bolan hukugyň esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işlerini guramaçylykly dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.
Hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmek barada hem aýdyldy. Kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we degişli edaralar tarapyndan gözegçilik, usuly, amaly, maslahat beriş toparlaryny döretmek, olaryň işini guramak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy bellenildi.
Öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmek
Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň we olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerinde ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu işleri geçirmek üçin Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde kabul edilen çözgütler, berlen tabşyryklar bilen öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmek boýunça soraglary işläp taýýarlamak we girizmek möhümdir.
Olar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçmek; Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmek, maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek; ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalaryny, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak; ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek; ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak; täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.
Döwletimiziň syýasatynda we durmuşa geçirilýän maksatnamalarda sebitleýin ösüş meselelerine, ýerli wekilçilikli häkimiýet, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösüşine hem-de mümkinçilikleriniň artmagyna, olara guramaçylyk hem-de usuly taýdan kömek bermek işlerine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem biziň esasy wezipelerimiziň hatarynda raýatlarymyzdan we edaralardan gelip gowuşýan tekliplere we ýüztutmalara garamak boýunça welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde duşuşyklary hem-de ýerli edaralar, guramalar bilen maslahatlary geçirmegi netijeli alyp barmak, ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyklary geçirmek, alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşmak, olaryň armasyny ýetirmek çärelerini geçirmek zerurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna Geňeşlere kanunçylyk babatda guramaçylyk we usuly taýdan kömek bermek işlerini kämilleşdirmegiň, olar bilen amaly-usuly maslahatlary geçirmegiň, obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylaryna kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmegiň, adamlaryň isleg-arzuwlaryny, zerurlyklaryny öwrenmegiň we ýerli döwlet edaralary bilen bilelikde durmuş-ykdysady wezipeleriň hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna degişli meseleleriň çözülmegine, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça kabul edişliklere ýakyndan gatnaşmagyň wajypdygy bellenildi.
Göçme maslahatlary geçiriler
Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, kanunçylygyň dürli ugurlaryna degişli teklipleri öwrenmek maksady bilen, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň jogapkär wekilleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň komitetleriniň göçme maslahatlaryny geçirmek zerurdyr diýip nygtady. Ilatymyzy döredijilikli işlere has-da ruhlandyrmak, durmuşa geçirilýän taryhy işleriň daşynda jebisleşdirmek, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz-nesihat etmek alyp barjak işlerimiziň meýilnamasynda esasy wezipe hökmünde kesgitlenilmeli. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriň, kabul edilen resminamalaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklary, maslahatlary geçirmek bilen, halky olar barada gyzgyny bilen habarly etmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsirli çykyşlary guramak möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen birlikde, jemgyýetde kanunlaryň hökmürowanlygy, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hukuk medeniýetini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini, adamlaryň halal zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy, jemgyýetçilik ahlagyny wagyz-nesihat etmek işlerini hem dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça 2024-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda edilmeli tagallalaryň özenini düzer. Biziň alyp barýan işlerimizde diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek däl-de, eýsem, ösüşiň uzak möhletleýin we durnukly depgininiň saklanylmagy hem möhüm wezipe bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Nygtalyşy ýaly, täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasy bolsa, ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendir. Biz geljekde hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmelidiris diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary hem diňlendi.