Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy.

21-nji few­ral­da paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de türk­men halkynyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Pre­zi­den­tiň iş do­lan­dy­ryş mi­nist­ri Şeýh Man­sur bin Za­ýed Al Na­haý­ýan bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. Ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men myh­man­sö­ýer­li­gi­niň iň go­wy däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we BAE-niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Pre­zi­den­tiň iş do­lan­dy­ryş mi­nist­ri Şeýh Man­sur bin Za­ýed Al Na­haý­ýan mä­hir­li sa­lam­la­şyp, iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de su­ra­ta düş­dü­ler. Gör­ke­zi­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men top­ra­gyn­da ýe­ne-de sa­par­da bol­ýan­dy­gy­na örän şat­dy­gy­ny bel­le­di.
Ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil Mil­li Liderimize Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň hem-de BAE-niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, go­ran­mak mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tu­myň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de Türk­me­nis­tan bi­len döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn nyg­tap, onuň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, hu­su­san-da, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, ab­raý­ly se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň döw­let­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň we ta­rap­la­ryň her bi­ri­niň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär hem-de däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak ug­run­da umu­my ta­gal­la­la­ry açyp gör­kez­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Şeýh Man­sur bin Za­ýed Al Na­haý­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy­nyň şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, sa­pa­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­na tä­ze iter­gi be­rip, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na şert dö­ret­di.
Söh­bet­deş­ler äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan köp­ýyl­lyk döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men halkynyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Pre­zi­den­tiň iş do­lan­dy­ryş mi­nist­ri Şeýh Man­sur bin Za­ýed Al Na­haý­ýan bi­rek-bi­rek bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, iki ýur­duň we do­gan­lyk halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.