Şweýsariýanyň Alp daglarynda ýerleşýän Mülens obasynda 3D usuly arkaly dünýäniň iň beýik diňi bina ediler. Sýurihiň ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) bilermenleri tarapyndan işlenip düzülen 30 metrlik diň, syýahatçylar üçin ajaýyp ýerleriň birine öwrüler.
“Tor Alva” diýlip atlandyryljak bu ak minara barokko usulynda ýerine ýetiriler. Binanyň 102 sütüni bäş gata daýanç bolup, ýarym açyk fasady emele getirer. Bu ýere gelýänler aýlawly basgançaklar arkaly ýokarky gatlara çykyp bilerler. Iň ýokarky gatda kiçijik sahna we 45 orunlyk kiçiräk tomaşa zaly bolar. Zerurlyk bolan halatynda diňi söküp, başga ýerden gurup hem bolýar. Çap etmegiň ähli prosesi, takmynan, 900 sagat dowam eder. Robotlaşdyrylan 3D çap enjamlary semente meňzeş garyndyny üst-üste ýerleşdirip, diň bölekleriniň esasy gurluşlaryny emele getirýärler. Ýörite programma üpjünçiligi gerekli geometrik şekilleri saýlap, zerur görkezmeleri robotuň aňyna iberýär.
3D usuly bilen çap etmek, adaty gurluşyk usullary bilen mümkin bolmadyk çylşyrymly şekilleri döretmäge mümkinçilik berýär. Beton diňe zerur ýerlere guýulýandygy sebäpli material hem tygşytlanýar. Minaranyň gurluşygynyň şu ýylyň ortalarynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.