“Nvidia” amerikan kompaniýasynyň bazar nyrhynyň ilkinji gezek 2 trillion dollardan geçendigi mälim edildi. Soňky günlerde çip önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 5 göterim artypdyr. Şeýlelikde her bir paýnamanyň bahasy 823,94 dollara ýetipdir. Ýylyň başyndan bäri bolsa kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 60 göterimden gowrak gymmatlapdyr. Kompaniýanyň paýnamalary soňky hepdelerde emeli aň çiplerine bolan islegiň ýokarlanmagy sebäpli yzygiderli gymmatlaýar. Şeýle hem kompaniýa soňky üç aýlyk döwürde girdejisiniň 265 göterim artyp, 22,1 milliard dollar bolandygyny mälim etdi. Bu rekord girdejiniň habar berilmegi hem onuň paýnamalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Mundan başga-da, “Nvidia”-nyň bazar nyrhynyň bir günlük artyşy 277 milliard dollar bolupdyr. Bu bolsa, ähli kompaniýalaryň arasynda rekord görkeziji bolup, mundan ozalky “Meta”-nyň rekordyndan (197 milliard dollar) öňe geçipdir. Golaýda kompaniýa bazar nyrhy babatda “Amazon”-dan hem-de “Alphabet”-den öňe geçip, ABŞ-nyň üçünji uly kompaniýasy bolupdy.
Ogulsenem Owlýakulowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.