Adatça, egin-eşik we beýleki zatlary taýýarlamak üçin pagtadan, ýüňden hem-de ýüpek gurçugyndan alynýan ýüpekden peýdalanylýar. Emma süýüm almak üçin başga-da çeşmeler ulanylýar. Ýöne deňizde ýaşaýan jandardan süýüm alynmagy welin örän täsindir. Munuň üçin midiýa atly jandaryň daşky gabygyndan peýdalanylýar. Az mukdarda bolýanlygy sebäpli midiýadan alnan ýüplük örän gymmat bolýar. Häzirki wagtda Italiýada ýaşaýan 62 ýaşly aýal deňiz ýüplügini almak bilen meşgullanýar. Ondan başga bu iş bilen meşgullanýan adam ýok. Balykgulagyň bu görnüşi Sardiniýa adasynyň günorta-günbataryndaky Sant Antioko adasynyň kenarlarynda 15 metrlik suwasty gowakda ýaşaýar. “Pinna nobilis” atly jandaryň maýdaja tüýjagazlary alynýar. 30 gramlyk deňiz ýüpegini almak üçin 100 gezek suwa çümmeli bolýar. Deňiz ýüpegi midiýanyň bölüp çykarýan suwuklygynyň şor suwa degmegi bilen emele gelýär. Ýüpek ýygnalandan soňra arassalanyp, egrilip ýüplük taýýarlanýar. Çiara Wigo deňiz ýüpegini ýygnap, egrip hem-de boýap bilýän ýeke- täk adam. Taryhy maglumatlarda mundan 5000 ýyl ozal ýüpegiň bu görnüşinden peýdalanylandygy bellenilýär. Wigonyň bu ýüplükden taýýarlan nagyşly bezeg esbaplary Pariždäki dünýä belli Luwr muzeýinde, Londondaky Britan muzeýinde we beýleki ýerlerdäki sergilerde görkezilýär.