Meniň dostum Monti Roberts – San-Isidrodaky athanaly mülküň hojaýyny. Ol meni öz öýüne myhmançylyga çagyrdy. Şeýle-de, ol geçiriljek at çapyşygynda ozaýjak atlara pul goýup, biraz girdeji gazanmaga synanyşmagymy hem teklip etdi. Çünki maňa çagalarymyň isleg-arzuwlaryny kanagatlandyrmak üçin serişde gerekdi.
Men soňky sapar ol ýerde bolanymda, meni oturanlar bilen tanyşdyryp, şeýle diýdi:
– Dogrusy, men Jeki bu ýere ýetginjeklik ýyllarym başymdan geçirenlerimi gürrüň bermek üçin çagyrdym – diýip, söze başlady.
Bu gürrüňleriň ählisi kakasy at seýislemek bilen meşgullanýan, hemişe ondan-oňa, fermadan-ferma, mülkden-mülke göçüp-gonup ýören ýetginjegiň başdan geçirenleri barada barýar. Ýygy-ýygydan ondan oňa göçüp-gonup ýörmeklik hemişe onuň mekdepdäki okuwynyň arasyny üzmäge sebäp bolupdyr.
Ol ýokary synpa baranda, mugallym okuwçylara mekdebi tamamlanlaryndan soň, olaryň kim bolmagy arzuw edýänligi barada düzme ýazmagy tabşyrypdyr.
Monti şol gije rançonyň, ýagny uly athanaly mülküň hojaýyny bolmagy arzuw edýänligi barada ýedi sahypa düzme ýazypdyr. Ýazan düzmesinde ol geljekki arzuwy barada jikme-jik gürrüň berip, hatda teblehanalaryň, türgenleşik geçilýän aýlawlaryň ýerleşişini görkezýän 200 akr (81 gektar) ölçegdäki uly mülküň meýilnamasynyňam çyzgysyny çyzypdyr. Soňra ýetginjek ýaşamak isleýän 400 inedördül futa (122 inedördül metr) barabar bolan jaýynyň hem jikme-jik meýilnamasyny düzüpdir.
Ertesi gün ýetginjek özüniň jan edip düzen taslamasyny mugallymyna gowşurypdyr. Mugallym iki günden onuň düzmesini yzyna gaýtarypdyr. Onuň birinji sahypasyna uly gyzyl harplar bilen “Kanagatlanarsyz” diýen bahany goýupdyr. Depderde: “Sapakdan soň gal” diýen ýazgam bar eken.
Teblehanaly mülk hakda arzuw edýän ýetginjek sapakdan soň, mugallymyň ýanyna gelip, ondan:
– Näme üçin düzmäme “kanagatlanarsyz” baha goýduňyz? – diýip sorapdyr.
Mugallym şeýle jogap beripdir:
– Seniň teblehanaly mülk hem-de at seýislemek baradaky arzuwlaryň başa barjak zat däl ahyryn. Olary gurmak ummasyz serişde talap edýär-ä. Siziň maşgalaňyz bolsa, hemişe belli bir mekany bolman, ondan-oňa göçüp-gonup ýör. Haçan-da, ýeke atyň bahasynyň yzyndan ýetip bolmaýarka, sen nädip onça atlary ösdürip ýetişdirjek?!.. Sen ýene-de ýer satyn aljakdygyň, tohum at sürüsini satyn aljakdygyň barada-da ýazypsyň. Sende ýeterlik serişdäniň ýoklugy sebäpli bu boş arzuwlaryňy amala aşyryp bilmersiň-ä. Eger-de täzeden düzme ýazyp, onda haýsydyr bir başaryp biläýjek işleriň hakda gürrüň gozgasaň, men kanagatlanarsyz bahamy pozup, seni kanagatlandyraýjak bahany goýaýmagym hem mümkin.
Ýetginjek öýlerine dolanyp, mugallymyň teklibi barada uzak wagt oýlanypdyr. Ol kakasyndan näme etse, oňat boljakdygy barada soranda, ol şeýle jogap beripdir:
– Oglum, sen hökman öz akylyň bilen ýaşamalysyň. Men bu mesele barada diňe seniň özüň belli bir karara gelmeli – diýip, pikir edýärin.
Aradan bir hepde geçipdir, ýetginjek düzmäniň ýekeje sözünem üýtgetmän, ony öňküligine mugallymyna eltip beripdir.
“Goý, men kanagatlanarsyz baha alaýyn, ýöne öz arzuwyma ikilik edip biljek däl” diýip, öz ýanyndan içini gepledipdir…
Soňra Monti oturanlara bakyp, şeýle diýdi:
– Ine, häzir, görşüňiz ýaly, siz meniň şol çagalygymda arzuw eden 200 akrlyk athanaly mülkümdäki 400 inedördül fut ölçege barabar bolan jaýymda otyrsyňyz. Meniň arzuwlarym baradaky mekdepde ýazan şol düzmämi bolsa, daşyny çarçuwalap, diwardan asyp goýdum. Ýöne bu wakanyň dowamy hem bar.
Iki ýyl mundan ozal, şol mekdep mugallymy meniň teblehanaly mülküme okuwçylary bilen tutuş bir hepdelik gelip, dynç alyp gitdiler. Haçan-da, ol yzyna gaýtjak bolanda, maňa şeýle diýdi:
– Men käwagtlar özümi şol döwürde siziň arzuwlaryňyza päsgel beren ýaly duýýaryn. Her-nä bagtymyza, sen berlen baha boýun synman, edenli ýigit bolup ýetişdiň. Maňa öz arzuwlaryňa böwet bolmagyma ýol bermediň. Siz durmuşda öz arzuwlaryňyzyň öňüne böwet bolmagyna hiç kime ýol bermäň! Öz ýüregiňizi pugta diňläň! Bu ýaşaýyş-durmuşyňyzda iň möhüm zatdyr!
Iňlis dilinden terjime eden
Merdan Annasähedow,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta
mekdebiň okuwçysy.