Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 26-njy tapgyryň soňky 2 duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazanyp, Rimiň bir topary 3 utuk aldy, beýlekisi tapgyry utuksyz tamamlady.

“Roma” öz meýdançasynda “Torino” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Rimlileriň gollarynyň 3-sini hem Paulo Dibala geçirdi. Ol 42-nji minutda penaltiden, şeýle-de, 58-nji we 69-njy minutlarda tapawutlanmagy başardy. Bu onuň “Romadaky” ilkinji het-trigi boldy. Şol sanda “Roma” Mouriniodan soň 6 duşuşygyň 5-sinde ýeňşini baýram etdi. “Torino” toparynda Zapatanyň hem-de Hýoýseniň awtogoly ýeňşe ýetmedi.

Paýtagtyň beýleki wekili “Lasio” myhmançylykda “Fiorentina” bilen duşuşdy. “Lasio” 45-nji minutda Luis Alberyonyň goly bilen öňe saýlansa-da, ýer eýeleri Kaýodeniň 61-nji, Bonawenturanyň 69-njy minutlarda geçiren gollary esasynda ýeňiş gazanmagy başardy.