21-nji sentýabrda dünýä belli amerikan ýazyjysy Stiwen King 70 ýaşynyň toýuny toýlady. Onuň ýubileýi mynasybetli iň meşhur kitaplary bilen tanyşdyrmagy makul bildik. King gorkunçly, triller, fantastika, fentezi, mistika we drama ýaly dürli žanrlarda eser döredýär. Dünýäde onuň 350 million nusgadan gowrak kitaplary satyldy. Olaryň käbiri bolsa, ekranlaşdyryldy. King özüniň Riçard Bahman tahallusy bilen 55 romanyny we ylmy-populýar kitaplaryny neşir etdirdi. Şeýle hem ol 200 töweregi hekaýa ýazdy.
King edebi döredijilik bilen talyplyk ýyllary çynlakaý meşgullanyp başlaýar. 1960-njy ýyllarda ol dosty Kris Çesli bilen birlikde “Adamlar, ýer we närseler” ady bilen hekaýalar ýygyndysyny ýazýar. Ýene-de bir ýyldan soňra onuň “Ýyldyzlary basyp alyjylar” atly ikinji kitaby neşir edilýär.
King haçan-da, Men ştatynyň uniwersitetinde okap ýörkä özüniň geljekki ýanýoldaşy Tabit Sprus bilen tanyşýar. Ol Stiwen Kingden “Kerri” romanynyň dowamyny ýazmagyny haýyş edýär. Şeýlelikde, 1974-nji ýylda “Doubleday” neşirýaty tarapyndan bu roman çap edilýär.
King 1970-nji ýyllaryň ahyrynda we 1980-nji ýyllaryň başlarynda Riçard Bahman ady bilen “Gazap”, “Uzak gezelenç”, “Ýol işleri”, “Ýüwrük adam” we “Horlanýan” ýaly eserlerini ýazýar. Ýazyjy öz üstünligini ýene bir gezek gaýtalap bilýänligini barlamak isläpdir. Başga bir sebäpleri hem bar: şol döwürde ýylda diňe bir kitap çykarmaga rugsat edilýän eken.
1982-nji ýylda “Gara minara” atly romanlar toplumyndan “Atyjy” atly ilkinji romany neşir edilýär. Şol ýyl King gysga wagtyň içinde “Ýüwrük adam” romanyny ýazýar. 1996-njy ýylda bolsa, “Ýaşyl milýa” atly eserini ýazyp gutarýar. Ol 2001-nji ýylda “Düýşleriň awçysyny”, 2004-nji ýylda bolsa, ýazyjynyň öz sözüne görä, onuň iň soňky eseri bolmaly “Gara minara” epopeýasynyň soňky bölümini çap etdirýär. Ýöne King ýazyjylyk karýerasyny dowam etdirmeli diýen karara gelýär. Şeýlelikde, 2006-njy ýylda “Liziniň taryhy”, 2008-nji ýylda “Gün batandan soň” atly hekaýalar ýygyndysyny we “Dýuma-Ki” romanyny neşir etdirýär.
King 2009-njy ýylda ýazyjynyň eýýäm 1970-nji we 1980-nji ýyllarda ýazmaga synanyşan “Gümmeziň astynda” romanyny we “Stiwen King kino gidýär” atly ekranlaşdyrylan hekaýalar ýygyndysyny neşir etdirýär. 2010-njy ýylda onuň “Tümlük we başga hiç zat” atly powestler ýygyndysy çap edilýär. Ol 2011-nji ýylda “11/22/63”, 2012-nji ýylda bolsa, “Gulpuň içinden öwüsýän ýel” romanlaryny neşir etdirýär.
Şeýle hem King 2013-nji ýylda neşir edilen “Doktor Son” atly detektiw romany, “Ýalkym” we “Şatlygyň ýurdy” romanlarynyň hem dowamyny ýazýar. 2014-nji ýylda onuň “Jenap Mersedes” we “Galkynyş” romanlary, 2015-nji ýylda bolsa, “Jenap Mersedesiň” dowamy bolan “Kim tapsa, özüne alýar” romanyny neşir etdirýär. Şol ýyl hem “Nägehanlar kitaby” we “Gijeki ýagtylyk” hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär. Ol 2016-njy ýylyň 7-nji iýunynda “Garawul nobatyny tabşyrdy” ady bilen “Jenap Mersedesiň” üçünji bölümini neşir etdirýär.