Angliýanyň “Premier Ligasynda” täze rekord hasaba alyndy. Fewral aýynda geçirilen 42 duşuşykda jemi 158 gol derwezä girizildi. Bu bolsa ortaça her duşuşyga 3,8 gol düşýär diýmekdir. Ýagny fewral aýy ortaça her duşuşyga düşýän gol boýunça iň ýokary aý hökmünde hasaba alyndy.
“Premier Ligada” 26 tapgyrdan soň iň köp gol geçiren klub “Liwerpul” bolup, Ýurgen Kloppuň şägirtleriniň 63 goly bar. “Arsenal” 62 gol bilen 2-nji ýeri eýeleýär.