Antalýada diplomatik forum geçirilýär

54

Şu gün Türkiýäniň Antalýa şäherinde sebitleýin, global we tematiki meseleler ara alnyp maslahatlaşyljak Üçünji diplomatik forum öz işine başlar.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň başlangyjy bilen geçirilýän foruma 100-den gowrak ýurtdan 4 müňe golaý myhman, şol sanda 20-ä golaý döwlet we hökümet baştutanlary çagyryldy.
Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň wekili Onju Keçeli, “Çökgünlik döwründe diplomatiýa ünsi jemlemek” mowzugy bilen guralýan foruma 60-dan gowrak döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem 80-e golaý halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem, 50 sany sessiýa we panel maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumyň çäklerinde Prezident Erdogan aýry-aýry ýurtlaryň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer diýlip garaşylýar.
2023-nji ýylda Antalýadaky diplomatik forum fewral aýynda ýurtda bolup geçen ýertitremeleriň netijeleri sebäpli yza süýşürildi.
2022-nji ýylda foruma 17 döwlet baştutany, 80 daşary işler ministri we 40-a golaý halkara guramanyň wekilleri gatnaşdy.